Şu gün – 20-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň golaýda saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda türkmen Lideri şu ýylyň 5-nji awgustynda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşmak baradaky iberen çakylygy üçin eýran kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raise wezipä girişmek dabarasynyň ýurtda ozal ylalaşylan ýokary derejeli halkara çäreleriň geçirilýän senesine gabat gelýändigi sebäpli, bu möhüm çärä hut özüniň gatnaşmagyna mümkinçilik bermeýändigini aýtdy. Bu dabara mynasybetli Eýrana ýokary derejeli türkmen wekiliýeti iberiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de köpasyrlyk dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, eýranly kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge hem-de şu ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu duşuşyk Türkmenistanyň şu ýyl bu düzümde başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriler.
Şeýle-de okaň!