Soňky habarlar

Arhiw

«Ýaňlan, Diýarym! ― 2021» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

15:2020.07.2021
0
6495

Türkmenabat şäheriniň «Bitaraplyk» seýilgähinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu barada «Jeyhun.news» habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän çärä bäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy.

Emin agzalary Saýat etrap medeniýet merkeziniň artisti Alym Taýyrowy we şu etrabyň ýaşaýjysy Babajan Rozyewi bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan etdiler. Olar bäsleşigiň Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň