Soňky habarlar

Arhiw

Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň sammiti geçiriler

16:3918.07.2021
0
13591

Awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, soňra bolsa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berdi.

Bu çäre üçtaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam berer. Bulardan başga-da, ýurdumyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji forumyny hem-de Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 6-njy duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Baky Bitaraplygymyzyň şanly baýramçylygyna bagyşlanan çärelere ençeme döwlet Baştutanlaryny, meşhur syýasatçylary we alymlary çagyrmak meýilleşdirildi.

Bu çäreler 6-njy awgustda meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň