Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aleksandr Makedonlynyň hazynasy tapyldy

16:5616.07.2021
0
1892

Birleşen Arap Emirlikleriniň Arheologiýa edarasynyň işgärleriniň ýurduň Mleýha şäherinde geçiren gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan hazyna hünärmenler tapylgysyz taryhy gymmatlyk diýip baha berdiler. Hazynany biziň eýýamymyzdan öňki II asyra degişli bolan ýüzlerçe kümüş teňňeler düzýär.

“The National News” neşiriniň ýazmagyna görä, 409 sany kümüş teňňeden durýan hazyna Mleýha şäheriniň taryhy ornuna täzeçe baha bermäge esas döreder. Gadymy şaýy pullar agramy dokuz kilogram bolan toýun küýzede ýerleşdirilipdir, bu barada edaranyň baş direktory Sabah Abud Jasim beýanat berdi.

Hünärmenler kümüş pullar ýerli täjirleriň birine degişli bolsa gerek diýip hasaplaýarlar, sebäbi gadymy geçmişde Mleýha şäheri Arap ýarymadasynda gülläp ösen söwda merkezi bolupdyr. Hazynadaky kümüş pullaryň dürli döwürlerde zikkelenenleriniň bolmagy onuň eýesi tarapyndan uzak wagtyň dowamynda toplanandygyna güwä geçýär. Pullaryň arasynda serkerde Aleksandr Makedonlynyň hem-de gadymy grek hudaýy Zewsiň şekilleri ýerleşdirilenleri hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň