Türkmenistanyň Prezidentiniň 14-nji iýulda gol çeken Karary bilen, Türkmenistanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekowyň üstüne ýüklenildi.
Mälim bolşy ýaly, 9-njy iýulda Hökümetiň 2021-nji ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekip, Purçekowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, senagat we energetika toplumyna, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine hem-de paýtagtymyzyň häkimligine gözegçilik edýän orunbasary wezipesine belläp, ony energetika ministri wezipesinden boşadypdy. 14-nji iýulda tassyklanylan Karara laýyklykda, Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy wezipesine mynasyp işgär bellenilýänçä, wise-premýer şol bir wagtda ozalky eýeleýän wezipesini hem ýerine ýetirer.