Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky işewürlik merkezinde «Motorola Solutions» kompaniýasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

17:3013.07.2021
0
5631

Ýakynda, paýtagtymyz Aşgabadyň işewürlik merkezinde «Akylly Tilsimat» we «Motorola Solutions» kompaniýalarynyň Türkmenistanda MOTOTRBO sanly radioaragatnaşyk ulgamlary boýunça hünär ussatlygyny ösdürmäge bagyşlanylan bilelikdäki tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Milli IT kompaniýasy bolan «Akylly Tilsimat» hojalyk jemgyýeti «Motorola Solutions» kompaniýasynyň biziň ýurdumyzdaky resmi hyzmatdaşydyr.

Tanyşdyrylyş dabarasyna türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Bu çäräniň çäginde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen radioaragatnaşyk toruny gurmak düşünjesi barada maglumat berildi. Bu babatdaşu aşakdaky esasy temalar hem göz öňünde tutuldy:

  • adaty ulgamlar;
  • SDTR enjam we programma üpjünçiligi toplumyna esaslanýan dinamiki magistral LCP ulgamlary;
  • Capacity Max satndart Tier III – doly aýratynlykly magistral çözgüdi.

«Motorola Solutions» kompaniýasy – telekommunikasiýa, maglumatlary geçirmek, telekommunikasiýa enjamlary bilen üpjün etmek babatda ýöriteleşen meşhur kompaniýadyr. Kompaniýa dürli gyssagly amallary we iş meselelerini ýerine ýetirmek üçin aýratyn, giňişleýin çözgütleri hödürleýär.

«Akylly Tilsimat» hojalyk jemgyýeti – işewürlik babatda giň gerimli birnäçe IT hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýadyr. Bu kompaniýanyň işi IT pudagyny, işewürlik babatda maslahat beriş we senagat awtomatlaşdyryş ugurlaryny öz içine alýar.

«Akylly Tilsimat» hojalyk jemgyýeti radioaragatnaşyk ulgamynda «Motorola Solutions» kompaniýasynyň ygtybarly hyzmatdaşydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň