Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklady

23:3312.07.2021
0
6940

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Resminamanyň maksady «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginde ösdürmegi dowam etdirmek, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda telekeçilik işjeňligini artdyrmak, kiçi we orta kärhanalaryň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de möçberlerini köpeltmek, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek bilen baglydyr.
Şeýle hem 12-nji iýulda «Eýeçiligiň döwlet garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, eýeçiligi döwlet garamagyndan aýyrmak we döwlet emlägini hususylaşdyrmagy hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Karary esasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň düzümi tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň