Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystana Türkmenistandan eltilen gök önümler bir hepdeden hem az wagtda satyldy

20:5105.07.2021
0
17343

Geçen hepde Bişkek şäherine Türkmenistandan getirilen 10 tonna pomidor we 6 tonna käşir Gyrgyzystanyň bazarlarynda we bölek satuw zynjyrlarynda doly satyldy. Bu barada ýurduň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy Danil Ibraýew «Tazabek» neşirine habar berdi.

30-njy iýun güni Il-76TD uçary bilen Bişkege Türkmenabat şäherinden ýük gelendigini ýatladýarys. Has takygy, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Aşgabada bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistandan umumy bahasy 21 million dollardan gowrak bolan azyk we sanitariýa önümlerini ugratmak barada şertnama gol çekildi. Bu şertnama laýyklykda, ilkinji tapgyrda Bişkege getirilen ýüküň mukdary 40 tonna ýetdi.

Danil Ibraýew bular barada aýtmak bilen, şeýle diýdi:

«Önümler Bişkekdäki bazarlarda bölekleýin satylýar. Eýýäm gök önümler doly satyldy».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň