Meksikanyň Ýuwaş ummanynyň kenaryndaky sebitlerinde güýji 5,6 ball derejesinde bolan ýer titremesi hasaba alyndy.
Ýewropa ― Ortaýer deňzi seýsmologiýa merkeziniň (EMSC) habaryna görä, ýer titremeleriň merkezi Meksikanyň Puerto Wallarta şäherinden 108 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Onuň göbegi ýeriň üstüniň 40 kilometr çuňlugynda ýerleşýär. Pidaralar we weýrançylyklar barada heniz maglumat ýok ― diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.