Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky koworking-merkezi satuw ussatlygy boýunça hünär okuwyna çagyrýar

17:0503.07.2021
0
6026

13-nji iýulda “Iş nokady” koworking-merkezi “City Business School” işewürlik mekdebiniň Türkmenistandaky resmi wekilleri Ella Allaberdiýewanyň we Jeren Sabyrowanyň satuwlar boýunça hünär okuwyna çagyrýar.

Nädip müşderä harydyňy satmaly we ony irizmeli däl, aýratyn-da nädip onuň hoşallygyny gazanmaly? Şol bir wagtda nädip bu söwdalaşykdan lezzet almaly hem-de satuw meýilnamasyny aňsat dolmagyň hötdesinden gelmeli?

Eger eýýäm bu sowallar bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda hünär okuwlarynyň dowamynda siz satuwlaryň tejribesini hem-de usullaryny ele alyp bilersiňiz, spikerler bilen birlikde has ýygy-ýygydan duşýan müşderileriň nägilelikleriniň üstünde işläp, şowly satuwlara eltýän ýolda öz şahsy ugruňyzy kesgitläp bilersiňiz.

Hünär okuwlaryna gatnaşmak kimler üçin bähbitli bolup biler:

• Satyjylara;
• Söwda ulgamynda işleýän menejerlere we maslahatçylara;
• Satuw bölüminiň ýolbaşçylaryna.

Geçirilýän wagty: 18:30.

Geçirilýän ýeri: «Berkarar» işewürlik merkezi, 10 gat, J1.

Gatnaşmak: mugt.

Gatnaşmak üçin arzalary şu telefon belgisine galdyryp bilersiňiz: +993 12 46-81-65

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň