Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen metbugatynda gündelik howa maglumaty paýlaşylyp başlandy

12:4103.07.2021
0
10655

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hökümetiň anna gününden geçirilen mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetleri şu günden başlap, gündelik howa maglumatyny çap edip başlady.

Gazetde hem görkezilişi ýaly, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 3-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26...+28° maýyl, gündizine +38...+40° yssy bolar. Howanyň basyşy 726 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24...+29° maýyl, gündizine +36...+41° yssy, kenarýaka etraplarda +31...+36° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +34...+36°, basyşy 746 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Awazada: howa +33...+35°, basyşy 749 mm, çyglylygy 35 — 55 %.

Balkanabat şäherinde: howa +39...+41°, basyşy 754 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24...+29° maýyl, gündizine +37...+42° yssy bolar.

Änew şäherinde: howa +40...+42°, basyşy 733 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Tejen şäherinde: howa +39...+41°, basyşy 737 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24...+29° maýyl, gündizine +38...+43° yssy bolar.

Mary şäherinde: howa +40...+42°, basyşy 731 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Baýramaly şäherinde: howa +41...+43°, basyşy 730 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25...+30° maýyl, gündizine +38...+43° yssy bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +40...+42°, basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Kerki şäherinde: howa +41...+43°, basyşy 727 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25...+30° maýyl, gündizine +37...+42° yssy bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +39...+41°, basyşy 744 mm, çyglylygy 25 — 45 %.

Köneürgenç şäherinde: howa +38...+40°, basyşy 746 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň