Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini kabul etdi

11:3628.06.2021
0
12140

Şu gün — 28-nji iýunda Aşgabatda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda resmi saparda bolýan Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy kabul etdi.

Prezident Sadyr Žaparowyň awtoulag kerweni Aşgabadyň Garaşsyzlyk meýdanyna geldi we bu ýerde hormatly myhmany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady.

Hormat garawulynyň serkerdesiniň hasabatyndan soň Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň milli senalary ýaňlandy.

Soňra Prezidentler «Oguz han» köşkler toplumyna bardylar we ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň