Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet we sungat işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

09:3127.06.2021
0
7513

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň medeniýet we sungat ulgamynyň wekillerini hünär baýramy bilen gutlady. Milletiň Lideriniň Gutlagynda şeýle sözler bar:

«Mähriban halkym!

Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde asyrlara ýaň saljak tutumly işler, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Mähriban Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda düýpli ösüşler gazanylyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Dünýäniň häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlary, kämil tehnologiýalary, sanly ulgam ýurdumyzyň ähli ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna giňden ornaşdyrylyp, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler medeniýet ulgamyny has-da ösdürmekde, täze ösüşlere beslemekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny yzygiderli kämilleşdirmek, täze eserler bilen baýlaşdyrmak, medeniýet we sungat işgärlerini, ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri çeper döredijilige höweslendirmek, olary maddy taýdan goldamak maksady bilen, bu ugurda zerur işleri alyp barýarys.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda medeni ulgamyň ösüşi aýratyn orny eýeleýär. Medeniýetiň we sungatyň ösmegi ilatyň medeni aň-bilim derejesini, nesilleriň ruhy kämilligini, sowatlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşykly bellenilmeginiň uly manysy bardyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Dana Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, kämil many-mazmunly goşgulary raýatlary halal zähmete, belent maksatlara ruhlandyrmakda, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň umman ýaly şygryýet dünýäsi ýazyjy-şahyrlarymyzyň, bagşy-sazandalarymyzyň nusgalyk döredijilik mekdebine öwrüldi.

Häzirki döwürde biz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny içgin öwrenmäge, giňden wagyz etmäge, hormat-sarpasyny belende götermäge aýratyn ähmiýet berýäris. Dana Pyragyny sarpalamak türkmen edebiýatyny arşa götermekdir, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakdyr. Magtymguly Pyragynyň pelsepewi esaslara, ylahy garaýyşlara, dünýewi ýörelgelere ýugrulan çeper döredijiligi özboluşly mekdepdir. Beýik Magtymgulyny dünýä beren türkmen halky öz akyldarlaryna, şahyrlaryna buýsanmaga doly haklydyr.

Eziz watandaşlar!

Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni aýratyn many-mazmuna beslenýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda medeni-durmuş maksatly binalaryň, döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň düýbüniň tutulyş we açylyş dabaralarynda, şanly senelerde medeniýet we sungat işgärlerimiz joşgunly çykyş edip, watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýarlar.

Ýurdumyzyň Döwlet sirkinde, teatrlarynda, kinoteatrlarynda, kitaphanalarynda, muzeýlerinde, medeniýet öýlerinde ilata medeni taýdan döwrebap hyzmat etmekde köp işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana pederlerimizden miras galan baý medeniýetimiz, taryhy-medeni mirasymyz, däp-dessurlarymyz, milli baýramlarymyz gaýtadan dikeldilip, täze öwüşginlere eýe bolýar.

Geçmiş mirasymyzy öwrenmek, ony gorap saklamak we milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, milli medeniýetimizi dünýä ýaýmak maksady bilen, Aşgabatda hem-de welaýatlarda medeni-durmuş maksatly döwrebap binalar yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek, teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň täsirliligini, many-mazmunyny ýokarlandyrmak, gazet-žurnallarda çap edilýän makalalaryň, goşgularyň, hekaýalaryň we beýleki edebi eserleriň çeperçilik derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Biz medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça geljekde-de toplumlaýyn işleri amala aşyrarys.

Eziz watandaşlar!

Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala ojaklaryňyzyň abadan bolmagyny, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň