Soňky habarlar

Arhiw

Çagalar üçin ilkinji ekologik arlyklar Türkmenistanda peýda boldy

20:0525.06.2021
0
14933

Russiýanyň çagalar üçin niýetlenilen, dünýä belli «Солнце и Луна» («Gün we Aý») söwda nyşanly önümleri Türkmenistanda peýda boldy.

Çaga arlyklarynyň «Eco» taslamasy – çagalara we ýer şaryna bolan söýgi bilen döredilen taslamadyr. Şol bir wagtyň özünde bu taslama iki sany global pikiri – tebigy zatlar arkaly önümiň howpsuzlygyny üpjün etmegi, şeýle-de pagta we ýorgan ýaly çalt täzelenip bilinýän zatlary ulanmak arkaly daşky gurşawa zyýan ýetirmezligi öz içine alýar.

«Eco» taslamasy çagalar üçin niýetlenilen bu önümi beýleki önümlerden düýpgöter tapawutlandyrýan özboluşly aýratynlyklara eýedir. Mysal üçin, çaga arlygynyň daşky gatlagynyň ýörite pagta we zygyr matanyň edilmegi howa aýlanyşygyny gowulandyrýar, çaganyň derisine iki esse dem almaga mümkinçilik berýär. Arlygyň içki gatlagynyň bolsa, ýöriteläp diňe zygyr matadan edilmegi çaganyň derisini gurak galdyryp, aşgazanynyň üstünde çyglylygy has çalt we deň paýlaýar. Bu önümde tebigy süýümler arassa suw bilen birleşdirilýär.

Ekoligik taýdan arassa bu arlyklaryň tapawutly aýratynlarynyň biri hem,olarda, hlor, lateks, ftalatlar, konserwantlar, losýonlar we parabensler ýaly zyýanly maddalaryň düýbünden ýoklugydyr.

Russiýanyň «Солнце и Луна» («Gün we Aý») söwda nyşanly önümlerini öndüriji kompaniýasy çaga, ömrüniň ilkinji günlerinden başlap ideg etmeklik üçin arassaçylyk önümlerini, suwa düşürmeklige we iýmitlendirmeklige niýetlenilen üçin dürli önümleri öndürýär.

Kompaniýa önümçiliginiň ähli basgançaklarynda öz önümleriniň hiline aýratyn üns bilen gözegçilik edýär. Bu şereket çaga önümlerini öndürmekde saglyk howpsuzlygyny ýola goýmaklyk üçin dünýäniň dürli künjeklerindäki innowasion tehnologiýalary üpjün ediji öňdebaryjy hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistanyň söwda nokatlaryndan Russiýanyň «Солнце и Луна» («Gün we Aý») söwda nyşanly önümlerini satyn almaklyga isleg bildirýänlere habarlaşmak üçin:

Telefon belgisi: 99361768699, 99361785335;

Elektron poçtasy: distribution-tm@mail.ru.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň