Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti bolar

12:3819.06.2021
0
4892
Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti bolar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan guralan bu konsert 20-nji iýunda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda bolar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Konsertiň maksatnamasyna Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň we Döwlet horunyň bilelikde ýerine ýetirjek eserleri giriziler. Şeýle hem pianinoçy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow, aýdymçylar Kakajan Halurdyýew, Maýsa Nyýazowa dagylar çykyş eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň