Ýakynda Iş Nokady iş merkezinde IT hünärmenlerini taýýarlaýan IT Bilim akademiýasynyň («IT Education Academy» ýa-da ITEA) halkara bilim taslamasynyň resmi açylyş dabarasy boldy.
Açylyş dabarasynda professor, lukman, akademik Nazar Rejepowiç Körpäýew çykyş etdi. Şeýle hem ITEA-nyň müdiri we esaslandyryjysy Miroslaw Bykow bilen telekonferensiýa geçirildi.
IT Bilim akademiýasynyň («IT Education Academy» ýa-da ITEA) halkara bilim taslamasynyň resmi açylyş dabarasynyň çäginde milli IT hünärmeni Aleksandr Şabossanow tarapyndan taýýarlanylan «Geljegimiz maglumat tehnologiýalarynda» atly mowzugyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Dabaraly agşamyň ahyrynda işewürler sanly aragatnaşyk arkaly myhmanlar bilen rahat ýagdaýda gürleşip, pikir alyşdylar.