Türkmenistanda «Ýylyň mugallymy - 2021» bäsleşiginiň jemi jemlendi

20:4015.06.2021
0
31373

Türkmenistanda Bilim ministrliginiň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän «Ýylyň mugallymy — 2021» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabara 14-nji iýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berlişi ýaly, iň gowy pedogog adyny almak ugrunda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 25 sany mugallym bäsleşdi. Şolardan 7 sany ýeňiji saýlandy.

Baş baýrak — Gran-pri: Gurbangül Myradowa, uly mugallym (Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty);

Birinji orun: Oguljan Atdaýewa, uly mugallym (Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty);

Ikinji orun: Jumadurdy Annaorazow, uly mugallym, taryh ylymlarynyň kandidaty (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti), Orazgylyç Orazgylyjow, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty (M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti);

Üçünji orun: Nurmuhammet Muhammedow, mugallym (Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty), Ejegül Berdiýewa, uly mugallym, himiýa ylymlarynyň kandidaty (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty), Çynar Hojamuhammedowa (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty).

Ýeňijilere degişli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň