Türkmenistanly mekdep okuwçysy binagärleriň halkara bäsleşigine gatnaşýar

11:3215.06.2021
0
21092

Aşgabatdaky mekdep-internatynda okaýan Rahymberdi Gyzylow INSPIRELI AWARDS (Çehiýa) halkara binagärlik taslamalary bäsleşige gatnaşmak üçin ýüz tutdy.

Bäsleşik ugurlaryň üçüsi ― binagärlik, interýer we şäher dizaýny ugurlary boýunça geçiriler. Häzir wagtda guramaçylar 52 döwletden 313 awtoryň ýüztutmalasyny kabul etdiler.

Türkmenistanly mekdep okuwçysy öz taslamasyny «Giper merkez» diýip atlandyrýar. 27 gatdan ybarat işewürlik merkeziniň energiýa çeşmesi Gün bolar. Onda söwda merkezi, myhmanhana, restoranlar we beýleki köp sanly bölümler göz öňünde tutulýar. Daş-töweregiň ekologiýasyny goramak üçin ähli şertler göz öňünde tutulan taslama adamlaryň gündelik ýaşaýyşy bilen işini utgaşdyrmagy maksat edinipdir.

Rahmanberdiniň geljekki esasy maksady bolsa bütin dünýä belli binagär bolmak. Ol eýýäm AutoCAD, ArchiCAD, 3DsMax, PhotoShop, SketchUp ýaly ýöriteleşdirilen programmalardan baş çykarýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň