Eýranda 7 müň ýaşly ybadathana tapyldy

17:1714.06.2021
0
5633

Eýranyň günorta-günbatarynda geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işlerinde mundan 7000 ýyl ozal gurlan ybadathana tapyldy. Äpet kerpiçlerden gurlan bina, alymlaryň pikiriçe, dini maksatlar üçin ulanylan bolmaly.

Ybadathananyň golaýynda gurbanlyk üçin soýlan haýwanlarynyň süňkleri, nekropol we çukurlar tapyldy. Gadymy ybadathanadan uzak bolmadyk ýerde arheologlar ownuk hek daşlaryny hem tapdylar.

Alymlaryň pikiriçe, ybadathana gadymy Aziýa döwleti bolan Elama degişli bolup biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň