«Nike» kompaniýasy «Nike Space Jam 2» toplumyny hödürleýär

16:3812.06.2021
0
5908

Sport lybaslaryny we aýakgaplaryny öndüriji «Nike» kompaniýasy baş keşbinde NBA-nyň ýyldyzy LeBron Jeýms çykyş etjek «Kosmiki Jem: täze nesil» filminiň görkezilişe çykmagy mynasybetli, «Nike Space Jam 2» lybaslar toplumyny hödürleýär.

Toplumda aýakgaplaryň üç görnüşi bar. Olar «LeBron 18», «Air Force 1» we «LeBron 19» aýakgaplarydyr. Görnüşleriň ählisi hem ululara, hem çagalara niýetlenilýär.

Şeýle hem basketbol köýnekçeleriniň ikisi ― «Tune Squad» we «Goon Squad» topluma girizildi. Mundan başga-da, «Nike Space Jam 2»-ä filmiň gahrymanlarynyň käbir lybaslary toplumda özüne ýer tapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň