Mary welaýatynda sanly ulgama bagyşlanan duşuşyk geçirildi

11:1312.06.2021
1
1412

11-nji iýunda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde gurnamagynda duşuşyk geçirildi. Oňa Mary welaýatynyň dürli edara-kärhanalarynyň işgärleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, bilim, saglygy goraýyş hem-de sport toplumlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda hünärmenleriň giň gerimli çykyşlaryna orun berildi. Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, elektron we maglumatlar binýadyna daýanýan hyzmatlar ulgamyny täze tapgyra çykarmak, şeýle-de raýatlara döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek çykyşlaryň esasyny düzdi. Hususan-da, «Marytelekom» WEAK-nyň direktorynyň R we TW boýunça orunbasary D.Hojaýew Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy barada, «Marytelekom» WEAK-nyň internet bölüminiň başlygy S.Ballyýew «Türkmen milli elektron poçtasy sanly.tm» mowzugy boýunça, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hünärmeni B.Hançaýew edara-kärhanalar üçin işlenip taýýarlanýan ýerli programma üpjünçiliklerimiz barada, «Marytelekom» WEAK-nyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy Ý.Ýusubow «Bir bitewi maglumatlar binýady» temasy boýunça, telekeçi K.Akmyradow telekeçiligiň dürli ugurlarynda sanly ulgamlary döretmek hakynda, S.Oşşykow «Ynamdar» online markety, «Geçilen ýol we täze maksatlar» barada, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň inženeri N.Allamyradow «Inžener hasaplamalarynda sanly ulgamlardan peýdalanmak» temasy boýunça, «Marytelekom» WEAK-nyň Sanly ulgamlarda maglumat howpsuzlygy bölüminiň hünärmeni Ý.Sähetmyradow «Sanly resminama dolanşygy ulgamy (SRDU)» mowzugy boýunça çykyş etdiler.

Çykyşlar duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda hünärmenler ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň belent sepgitlere ýetmegi we ildeşlerimize döwrebap hyzmatlaryň hödürlenmegi üçin yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
MekanSha ( 14.06.2021 )

Molodsy, my tam byli i destwitelno bylo interesno, w budushem nas zhdut grandioznyye proyekty

0