Hytaýda Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň adyny göterýän ylmy-innowasion barlaghanasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Nursultan Nazarbaýew adyndaky ylmy-innowasion barlaghanasyny esaslandyranlar «G-Global» halkara müdiriýeti (sekretariaty) we onuň Hytaý Halk Respublikasyndaky strategik hyzmatdaşy «China Silk Road Group» – «Hytaýyň Ýüpek ýoly topary» kompaniýasydyr. Bu çärä Nankin şäheriniň täze Szýanbeý etrabynyň ýolbaşçylary we Pekindäki «Çjunguansun» ylmy-tehnologiki seýilgähiniň wekilleri, Gazagystanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň diplomatlary, şeýle hem Hytaýyň metbugat habarçylary gatnaşdy.
«Hytaýda täze açylan Nursultan Nazarbaýew adyndaky ylmy-innowasion barlaghanasynyň esasy wezipesi – giň gerimli ylmy-barlag işlerini amala aşyrmaklykdan, şol sanda häzirki zaman «blokçeýn» tehnologiýasyny ulanmaklyk arkaly Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy we Gazagystanyň «Nurly Ýol» maksatnamasy boýunça taslamalary öňe sürmeklikden, şeýle hem ylmy goldamaklyk üçin amaly kömek bermeklikden ybaratdyr. Bu işe iki ýurduň öňdebaryjy alymlary we tejribeli hünärmenleri işjeň gatnaşýarlar.» - diýlip TIW habarynda beýan edilýär.
«G-Global» halkara müdiriýeti (sekretariaty) 2019-njy ýyldan bäri Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň hyzmatdaşydyr. Onuň «Ýüpek ýoly» halkara baýragy we «Halkara ýüpek ýoly – şäher häkimler forumy» ýaly taslamalary, 2-nji forumyň «Bir guşak, bir ýol" başlangyjy gatnaşyjylar tarapyndan goldanyldy we soňky resminama goşuldy.