Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen topragynyň gözellikleri Londonda geçirilýän sergide görkezilýär

13:5709.06.2021
0
10970

Iňlis syýahatçy suratçysy Kristofer Uilton-Stirom tarapyndan surata düşürilen türkmen topragynyň gözel görnüşleri Londondaky Kings-Cross-da açyk meýdançada geçirilýän surat sergisinde görkezilýär.

«Ýüpek ýoly: janly taryh» sergisinde tomaşaçylar Londondan Pekine syýahat etmäge we gadymy söwda ýoluň ugrundaky köp halklar, ýerler we medeniýetler bilen tanyşmaga çagyrýan 160-dan gowrak suratlary synlap bilýärler.

Pandemiýadan öň, 2019-njy ýylda suratçy Kristofer Uilton-Stirom Londondan Pekine çenli gadymy Ýüpek ýolunyň ugry boýunça 40 000 km ýol geçdi.

Uilton-Stirom dört aýdan gowrak wagtyň dowamynda 16 ýurtda awtoulag, awtobus, otly, parom, at we düýe bilen syýahat etdi. Şeýlelikde, ol Ýüpek ýolunyň gadymy ugry boýunça syýahat edip, enççeme ýurduň tebigy täsinliklerini surata düşürdi.

Syýahatçy suratçy gadymy Ýüpek ýolunyň özüni örän gyzyklandyrýandygyny, Ýakyn Gündogar, Merkezi Aziýa we Hytaý bilen bagly taryhy eserleri örän köp okandygyny gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň