Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly döredildi

09:5107.06.2021
0
7927

Türkmenistanda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi.

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy ýyllarynda ýurdumyzy we jemgyýeti durnukly ösdürmek ugrunda çeken halal zähmeti bilen uly hyzmatlary bitiren adamlary sylaglamak üçin döredildi.

Bu medal bilen:

- Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, işjeň we önjeýli döwlet, jemgyýetçilik işi, şeýle hem ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin;

- Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ylmyny, bilimini, medeniýetini, sungatyny, saglygy goraýşyny, şeýle hem ýurduň durmuşynyň beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde bitiren uly hyzmatlary üçin;

- Garaşsyz Türkmenistanyň goranmak ukybyny berkitmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek işine goşan uly şahsy goşandy üçin;

- ösüp gelýän ýaş nesli Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemek işinde görkezen uly hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlary, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň raýaty bolmadyk adamlar sylaglanylýar. Oňa mynasyp bolan adamlara «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň