Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty kanunçylyk namalarynyň uly toparyny kabul etdi

22:3005.06.2021
0
8396

5-nji iýunda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine hem-de “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” Kanunyň 18-nji maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň makullamagy üçin 22-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dördünji maslahatynda kabul edilen kanunlar hödürlenildi.

Ilki bilen, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna seredildi.

Soňra Mejlise gatnaşyjylar “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda” Kanunyň wajypdygyny bellediler, bu resminama milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hususy işewürligini goldamak, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge bazar gurallaryny ornaşdyrmak boýunça maksada gönükdirilen syýasatynyň netijesidir.

Mejlisiň barşynda Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan taýýarlanylan we kabul edilen “Bilim hakynda” Kanunyň rejelenen görnüşiniň ähmiýeti bellenildi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň makullamagyna “Firma atlary hakynda” Kanun hödürlenildi. Bu Kanun firma atlary dakylanda bildirilýän talaplary kesgitleýär, olaryň hukuklaryny goramakda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Mejlise gatnaşyjylar “Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasyna goşulmak hakynda”, “Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýasyna goşulmak hakynda”, “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Watan goragçysy” diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna we döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar girizmek hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda” Kanunlar barada hem pikirlerini beýan etdiler.

Mejlisde “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Dessuryny tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Diwanyny guramagyň we onuň işiniň tertibi hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Kararlarynyň taslamalary tassyklanyldy.

Mejlisiň dowamynda başga-da birnäçe meselelere garaldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisiniň gün tertibine girizilen kanunlar biragyzdan makullanyldy hem-de degişli Kararlar bilen berkidildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň