Soňky habarlar

Arhiw

«Iş Nokady» koworking merkezinde hyzmatdaşlyk boýunça duşuşyk geçirildi

12:5705.06.2021
0
4941

«Iş Nokady» koworking merkezinde Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ýerkebulan Onalbekowiç Sapiýewiň we Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşiginiň ýolbaşçysy Ýuriý Aleksandrowiç Aronskiniň gatnaşmagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we tejribe alyşmak maksady bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga «Iş Nokady», «Akylly Tilsimat» we «Ynamly Tor» kärhanalarynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Duşuşykda Gazagystanyň edaralarynyň işini öňe sürmekde toplan tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýlelikde, aşakdaky ugurlar boýunça pikir alşyldy:

  • Türkmenistanda täze iş merkezlerini açmak we giňeltmek;
  • Ýokary okuw mekdepleri bilen uzak aralykdan okuw boýunça hyzmatdaşlyk;
  • IT okuwyny amala aşyrmak boýunça tejribe alyşmak;
  • Işewürlik mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk;
  • Işewürlik klublary bilen tejribe alyşmak, şeýle hem halkara işewürligini ösdürmek baradaky taslamalara bilelikde gatnaşmak.

«Iş Nokady» koworking merkezi bu mejlise gatnaşyjylaryň ählisine tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär hem-de uzak möhletli, geljegi uly we özara peýdaly hyzmatdaşlyga umyt baglaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň