Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 24-nji Peterburg halkara forumyna gatnaşýar

10:2204.06.2021
0
14737

Wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow 24-nji Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşýar. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy. Bu barada Sankt-Peterburg şäheriniň resmi saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşlikde Sankt-Peterburg bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar, şol sanda senagat pudagynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň 2020-nji ýylda Aşgabat şäherine eden sapary we Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde yzygiderli işjeňleşdirilýär.

«Sankt-Peterburg Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. 2020-nji ýylda hyzmatdaşlygyň «ýol kartasyny» döretmek bilen, birnäçe möhüm resminama gol çekdik. Şeýle hem 2025-nji ýyla çenli döwür üçin bilelikdäki hereket meýilnamasyna gol çekildi. «Piskarewskoý» gonamçylygynda Leningrady goran türkmenistanly esgerleriň hatyrasyna ýadygärlik guruldy. Köp sanly leningradlylary mähir bilen kabul eten türkmenistanlylary uly minnetdarlyk bilen ýatlaýarys» diýip, Aleksandr Beglow belleýär.

Peterburg kompaniýalary Aşgabatda ýollary we çatryklary gurmagy, lagym desgalarynyň toplumyny gurmagy dowam etdirýärler. Peterburg Aşgabat şäherindäki Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebine goldaw berýär. Peterburg alymlary - arheologlar we gündogarşynaslar Türkmenistanda yzygiderli iş alyp barýarlar.

Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň belleýşi ýaly, Russiýanyň we Türkmenistanyň halklary umumy taryhy eýedirler.

2-5-nji iýun aralygynda geçirilýän SPIEF-202-iň dowamynda hünärmenler häzirki zaman ykdysadyýetiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Foruma döwlet işgärleri, iri kompaniýalaryň, korporasiýalaryň we banklaryň ýolbaşçylary gatnaşýar.

«Türkmenportalyň» habar berşi ýaly, bu foruma türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky resminama türkmen Lideri 3-nji iýunda gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň