Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Dayhanbank" DTB kärendeçilere ýörite karz hödürleýär

12:1631.05.2021
0
8490

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, ýurdumyzda pagta, bugdaý, şaly we gant şugundyry hasyllaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan kärendeçilere “Daýhan karzy” atly karzy hödürleýär.

Karzyň möçberi - bir gezekde 10 000 (on müň) manatdan ýokary bolmadyk möçberde; döwlet tabşyrygyna degişli önümlerden alan öňki üç ýylynyň sap peýdasyndan hasaplanyp, onuň bir aýa düşýän ortaça möçberiniň 40 göteriminden geçmezlik şerti bilen;

Karzyň göterimi - ýyllyk 10 (on) göterim;

Karzyň möhleti - 1 (bir) ýyl;

Karzyň gaýtarylmaly möhleti - ekinleriň görnüşi boýunça:

  • pagta hasyly boýunça - dekabr aýynyň 25-ne çenli;
  • bugdaý hasyly boýunça - awgust aýynyň 25-ne çenli;
  • şaly hasyly boýunça - oktýabr aýynyň 25-ne çenli;
  • gant şugundyry boýunça - dekabr aýynyň 25-ne çenli.

Karzyň üpjünçiligi - tölege ukyply daýhan birleşiginiň kepil haty ýa-da girew emlägi.

Habarlaşmak üçin, telefon belgiler:

Aşgabat şäheri: 38-01-50, 38-01-64.

Ahal welaýaty: (8 00137) 33-4-39,

Balkan welaýaty: (8 00246) 5-21-51,

Daşoguz welaýaty: (8 00322) 9-38-67,

Lebap welaýaty: (8 00422) 9-13-48,

Mary welaýaty: (8 00522) 6-76-40.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň