Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

23:4725.05.2021
0
5980

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde “Soňky jaň” dabaralary geçirildi. Bu ajaýyp baýram ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylda uçurymlaryň onlarça müňüsi üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

Däp bolşy ýaly, ir bilen mekdepleriň iň gowy uçurymlary, ökde okuwçylar, dürli olimpiadalaryň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, şonuň ýaly-da bilim ulgamynyň işgärleri ýurdumyzyň iň täze taryhynyň hem-de onuň bagtyýar geljeginiň nyşany bolan paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna ajaýyp gül desselerini goýdular.

Paýtagtymyzyň 140 ýyllygy hem-de “Soňky jaň” mynasybetli dabaralary özünde jemlän bu ýatdan çykmajak günüň ahyrynda Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada hem-de “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdym onuň jemleýji senasy bolup ýaňlandy.

Akhanyň hem-de Aşgabat atly taýçanagyň sahnada peýda bolmagy tomaşaçylar üçin hakyky baýramçylyk sowgady boldy.

Konsert tamamlanandan soň, Aşgabadyň 140 ýyllygyna hem-de “Soňky jaň” dabarasyna bagyşlanan ajaýyp feýerwerk paýtagtymyzyň agşamky asmanyna bezeg berdi.

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň