"Röwşen aýakgap” hususy kärhanasy zenan we çaga aýakgaplarynyň önümçiligini giňeltmegi maksat edinýär

18:1625.05.2021
0
13663

“Ak şäherim Aşgabat” köpugurly XX halkara sergisinde ýerli telekeçilerimiz özleriniň gazananlary bilen tanyşdyrdylar.

"Röwşen aýakgap” hususy kärhanasy hem öz gezeginde zenan, çaga we sport aýakgaplarynyň täze nusgalaryny hödürledi.

Täze görnüşleriň arasynda möwsüme görä tikilen üsti deşik-deşik, şeýle-de harbylar üçin aýakgaplar has ünsi çekdi.

“Röwşen aýakgabyň” önümçiligi Maryda ýerleşýär. Türkmenistan boýunça şereketiň 30-dan gowrak brend dükanlary hereket edýär. Kompaniýanyň saýtyndan dükanlaryň salgysy bilen tanşyp bilersiňiz, şeýle-de onlaýn söwda etmäge hem mümkinçilik döredilen.

2003-nji ýylda döredilen “Röwşen aýakgap” kärhanasy Türkmenistanda ilkinjileriň hatarynda bolan we meşhur aýakgap öndüriji kärhanadyr. Önümlere sargytlaryň köplügi üçin hususy kärhana önümçiliginiň gerimini barha giňeldýär we aýakgaplaryň täzeden-täze görnüşlerini hödürleýär. Kärhana aýakgaplaryny saglyk üçin zyýansyz we rahat görnüşde arassa deriden taýýarlaýar. Aýakgaplaryň daş ýüzi iri şahly mallaryň, iç ýüzi bolsa, ownuk şahly mallaryň derisinden tikilýär.

Häzirki wagtda “Röwşen aýakgap” çaga we zenan aýakgaplarynyň önümçiligine uly üns berýär we geljekde onuň önümçiligini giňeltmegi maksat edinýär.

Bu sergi telekeçiler üçin ýerli we daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekmek üçin uly mümkinçilik boldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň