Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen aýakgaplary» tomus aýakgaplarynyň önümçiligini giňeldýär

17:2003.05.2021
0
13399

Ýeňiljek tomus aýakgaplary Türkmenistanyň tutuş çägine aralaşan yssy howa üçin tüýs ýerine düşjek önümdir.

Şunuň bilen baglylykda, tebigy deriden aýakgap öndürýän «Röwşen aýakgaplary» fabrigi erkekler we zenanlar üçin tomus şypbyklarynyň köp sanly görnüşlerini hödürleýär.

«Röwşeniň» hödürleýän berk hem taýdyrmaýan dabanlykly rahat şypbyklary ýurdumyzyň howa ýagdaýyna aňry-ýany bilen laýyk gelýär.

«Röwşen aýakgaplary» fabrigi Türkmenistanda aýakgap önümçiligi bilen meşgullanýan ilkinji kompaniýalaryň biridir. 2000-nji ýyllaryň başynda klassyky erkek aýakgaplarynyň önümçiligi ýola goýuldy. «Röwşen aýakgaplary» dürli nusgalarda aýakgap önümçiliginiň gerimini giňeldip, bu günki gün zenan hem çaga aýakgaplaryny hem öndürýär.

«Röwşen aýakgaplary» kopmaniýasynyň önümleriniň ählisi ýerli tebigy deriden italýan dizaýnerleriniň nusgasy boýunça taýýarlanylýar. Köwüşleriň ähli görnüşleri bilen kompaniýanyň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň