Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen aýakgaplary» öz QR koduna eýe boldy

15:4426.03.2021
0
12042
«Röwşen aýakgaplary» öz QR koduna eýe boldy

«Röwşen aýakgaplary» aýakgap kärhanasy özüniň QR koduna eýe boldy. Bu kody smartfon ýa-da planşet arkaly skanirläniňizde, kompaniýanyň resmi web sahypasy derrew açylýar. Şeýle hem «Röwşen» haryt nyşanly ähli önümler mundan beýläk QR kody bilen üpjün ediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başlanan sanlaşdyrmak we kompýuterleşdirmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde sanly tehnologiýalar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna ornaşdyrylýar. Döwlet Baştutanynyň başlangyçlary netijesinde Türkmenistanyň IT pudagy döwür bilen aýakdaş gadam urmaga ukyply, bu ýagdaý, şübhesiz, ykdysady görkezijilere we ilatyň ýaşaýyş derejesine peýdaly täsir eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň