Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Has takygy, Hökümetiň giňişleýin mejlisinde:
― paýtagtymyzyň 140 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça alnyp barlan işler;
― paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyny hem-de Çoganly ýaşaýyş toplumynda 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyny geçirmek;
― Aşgabat şäheriniň gününi mynasyp derejede baýram etmek boýunça görülýän çäreler;
― Türkmenistanyň Prezidentiniň paýtagtymyzy ösdürmegiň konsepsiýasynda kesgitlenen möhüm wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, gözegçilik edýän edaralarynyň alyp barýan işleri;
― Milli Geňeşiň Mejlisiniň 22-nji maýda geçirilen nobatdaky maslahatynda kabul edilen karar;
― Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek boýunça DIM-niň alyp barýan işleri bilen bagly we beýleki meselelere seredildi.