Türkmenistanda intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak boýunça Pudagara topary döredildi

11:3122.05.2021
0
9469

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 21-nji maýda geçirilen mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow döwlet Baştutanyna degişli maksatnama laýyklykda, intellektual eýeçiligi goramagyň ulgamyny, ugurdaş döwlet edaralarynyň işini täzeçil usulda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, intellektual eýeçiligiň desgalaryny goramak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda Kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan birnäçe düzümler bilen bilelikde, onuň Düzgünnamasy taýýarlanyldy we esasy wezipeleri hem-de amala aşyrmaly işleri, düzgün bozulmalarynyň öňüni almak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak wezipesi kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, intellektual eýeçiligiň desgalarynyň goralmagyna gönükdirilen işleriň esasynda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Bu pudagyň ösdürilmegi Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagynyň we bu ugurda döwlet syýasatynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

Milletiň Lideri Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryna aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Resminama laýyklykda, intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak boýunça Pudagara topary döredildi, onuň düzümi we Pudagara topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň