Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi täze medallaryň ýene ikisini döretmek baradaky meselä sereder

23:3721.05.2021
0
10023

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi.

Häzir Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 22-nji maýda geçiriljek on dördünji maslahatyna taýýarlyk görülýär. Maslahatda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk hakynda, “Bilim hakynda” rejelenen görnüşdäki we başga-da birnäçe kanunlary ara alyp maslahatlaşmak, Milli Geňeşiň döredilmegi bilen baglanyşykly we syýasy, ykdysady, durmuş ugurly meseleleri kadalaşdyrýan birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek, ýurdumyzda konstitusion özgertmeleri geçirmek bilen bagly Mejlisiň birnäçe kararlarynyň taslamalaryna garamak göz öňünde tutulýar.

“Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy: döwletlilik, kanunçylyk we adalatlylyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Mejlisiň wekilleri Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy, daşky gurşawy we ekologiýany goramak, milli mirasy saklamak, ösüp barýan ýaş nesle terbiýe bermek, arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek meseleleri boýunça wagyz-nesihat çärelerine işjeň gatnaşýarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň durmuş ugruny nazarlaýan milli kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyna ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň