Arhiw

Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp talyplaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

11:3320.05.2021
0
13653

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (HYYÖU) tarapyndan ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen iki tapgyrdan ybarat döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanan esse we çeper fotografiýa boýunça bäsleşikleri bu ýokary okuw jaýynyň žurnalistika kafedrasy gurady. HYYÖU-nyň elektron poçtasyna paýtagtda we welaýatlarda ýerleşýän 14 ýokary okuw mekdebinden onlarça işler gelip gowuşdy.

Düzme bäsleşigi iňlis dilinde geçirildi. Onda Altyn Orazberdiýewa (HYYÖU), Oguljemal Amansähedowa (Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI, Türkmenabat ş.) we Baýnazar Nepesow (DIM-iň Halkara gatnaşyklar instituty) dagylar ýeňiji boldular. Talyp işleri paýtagtyň durmuşy barada köptaraply kyssa görnüşinde bolup, esasan şeýle talaplara: çeper pikiriň özboluşlylygyna, tematik mazmunlylyga, gysgalyga we göwrümlilige doly laýyk gelýärler.

5 sany ikinji, 8 sany üçünji ýer guramaçy okuw jaýynyň, Magtymguly adyndaky TDU-nyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Milli konserwatoriýanyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň, Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Oba hojalyk uniwersitetiniň, Maliýe institutynyň, Medeniýet institutynyň, DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Telekommunikasuiýa we informatika institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplaryna berildi.

Aşgabadyň keşbiniň fotografiýa sungatynda iň çeper beýany üçin birinji ýere iki talyp: Näzli Ýagşymyradowa (HYYÖU) we Baýnazar Nepesow (DIM-iň Halkara gatnaşyklary instituty) mynasyp boldy.

Hormat sekisiniň ikinji paýasyny Toýly Muhammetdurdyýew (TDU) we Atajan Kämiljanow (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Mary şäheri) eýeledi.

Üçünji ýere Döwlet Heşdekowyň (Bedenterbiýe we sport instituty) we Hurma Çaryýewanyň (Telekommunikasiýa we informatika instituty) fotosýužetleri mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň