Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet muzeýine Türkmenistanyň Prezidentiniň ejesiniň käbir el işleri tabşyryldy

20:1718.05.2021
0
19019

Şu gün – 18-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Türkmenistanyň Prezidentiniň käbesi Ogulabat ejäniň öz elleri bilen bejeren kürtesi hem-de gülli joraby tabşyryldy.

Bu milli el işleri muzeýiň Etnografiýa we ülkäni öwreniş bölüminde ýerleşdirildi. Bu bölümde türkmen milli egin-eşikleriniň we bezeg şaý-sepleriniň asyl nusgalary saklanylýar. 1971-nji ýylda Ogulabat eje tarapyndan keşdelenen gyzyl kürte «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» ýaly nagyşlar bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüň bilen örülip, iki ýeňiň merkezinden birikdirilipdir. Ýakasynyň sag tarapynda «1971» diýen ýazgy köjeme usulynda tikilipdir. Ogulabat eje bu kürtäni baldyzy üçin niýetläp tikipdir. Ol kürtäni hem-de gülli joraby 20 günüň içinde inçelik bilen, şol döwre mahsus görnüşde bejeripdir. Gülli jorap hem ussatlyk bilen örülipdir. Bu joraba-da öz döwrüne mahsus nagyşlar salnypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň