Türkmenistana saparynyň çäginde Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Akdost atly türkmen alabaýy sowgat edildi.
Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow bu sowgady iki ýurduň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň köpugurly esasda ösdürilýändigine kanagatlanma bildirmek bilen gowşurdy.
― Tatarystanyň Baştutany özboluşly sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi ― diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.