Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Ýosihide Sugany awgust aýynda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

23:0813.05.2021
0
7946

13-nji maýda türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda hormatly Prezident Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gazturbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Häzirki döwürde Lebap welaýatynda Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulýan gazturbinaly

elektrik bekediniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Milli energetika ulgamynda möhüm hasaplanylýan bu desga Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwatynyň artdyrylmagyna itergi berer we türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini aňladýar. Telefon söhbetdeşliginiň barşynda türkmen Lideri Ýaponiýanyň Premýer-ministrini bu dabara çagyrdy. Milletiň Lideri şol saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Ýosihide Suga döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we onuň geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň