Aşgabatda Türkmen filmleriniň hepdeligi we kinofestiwal geçirilýär

17:4211.05.2021
0
15049

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli türkmen paýtagtynda «Aşgabat bahary» atly türkmen filmleriniň hepdeligine badalga berildi. Çäräni Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi guraýar.

Hepdeligiň açylyş dabarasy 10-njy maýda «Aşgabat» kinoteatrynda boldy. Şol gün görkezilen Arslan Eýeberdiýewiň «Durmuş kyssalary» atly iki bölümli filmi bu ýerdäki tapgyra badalga berdi.

«Türkmenportala» Medeniýet ministrliginden habar berlişi ýaly, paýtagtymyzdaky «Aşgabat», «Türkmenistan» we «Watan» kinoteatrlarynda 16-njy maýa çenli her gün sagat 15-de we 17-de türkmen filmleriniň görkezilişi bolar.

Görkeziljek filmler:

  • «Durmuş kyssalary»;
  • «Soňky synag»;
  • «Bagt guşy»;
  • «Galkynyş»;
  • «Gyzykly gezelenç»;
  • «Kämillige ýol»;
  • «Ýaş köňülleriň ganaty»;
  • «Gumly gelniň aýdymy».

Filmlere tomaşa etmäge her kim baryp biler.

Festiwalyň ahyrky gününde ― 16-njy maýda gysga filmleriň arasynda yglan edilen «Aşgabat bahary» atly festiwalynyň jemleri jemlenip, ýeňijiler kesgitlener. Filmlere tejribeli eminler bilen birlikde tomaşaçylar ses bermek arkaly baha berer.

23-nji maýda aşakdaky ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlener:

  • Eminleriň saýlawy;
  • Iň gowy režissýor;
  • Iň gowy edebi esas;
  • Iň gowy operatorlyk işi;
  • Iň gowy erkek keşbi;
  • Iň gowy zenan keşbi;
  • Tomaşaçylaryň saýlawy.

Kinofestiwala PR agentligi, «AkEnMar», «Güneşli zaman», «Bossan Concept» we «AkTam» kompaniýalary hemaýatkärlik eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň