Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda estrada sungaty kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde aýdymçylaryň bäsleşigi geçirildi. Oňa 14 talyp gatnaşdy. Her bir kafedranyň çykyşlarynyň hepdeligini guramak ― täzelik, ýöne ol konserwatoriýanyň däbine öwrülip gider öýdülip garaşylýar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň berýän habaryna görä, döredijilik bäsleşigi iki tapgyra bölündi. Onuň şerti boýunça ýaş aýdymçylar öz islegine görä nusgawy halk we ýewropa aýdymlarynyň ikisini aýdyp bermeli. Şeýlelikde, aýdymçylar ýeke bir ýerine ýetirijilik ussatlygyny däl, eýsem, eserleri saýlap almakda-da öz ukyplaryny görkezdiler. Birinji tapgyrdan üstünlikli geçenler soňra bije atyşyp, öz paýyna düşen aýdymy aýdyp ýaryşlaryny dowam etdiler.
Talyplaryň çykyşyna garaşsyz eminler: Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar Köşgüniň, konserwatoriýanyň ýanyndaky sazçylyk mekdep-internatynyň, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň wekilleri baha berdiler.
Bäsleşikde Nury Halmämmedowyň «Aýgytly ädim» filmi üçin ýazan «Aýnanyň aýdymy», Çary Nurymowyň «Кеrweni», Sergeý Rahmaninowyň «Вahar bulaklary», Teodoro Kottraunyň «Santa Lýuçiýasy», Andreý Babaýewiň «Söýgi aýdymy», Wolfgang Amadeý Mosartyň «Jadyly fleýta» operasyndan «Gije şazadasy» atly ariýa, Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Şasenem we Garyp» operasyndan «Şasenemiň ariýasy» we ençeme beýleki aýdymlar ýaňlandy.
Eminler we diňleýjiler Nury Halmämmedowyň «Аşgabat» atly aýdymyny örän labyzly ýetiren Leýli Mämmedowany iň oňat aýdymçy diýip hasapladylar. Eminler oňa iň ýokary baha berýärler - 10, 10, 10.
Ýöne Sergeý Rahmaninowyň «Вahar bulaklary» atly aýdymyny ýerine ýetiren, bu okuw jaýynyň üçünji ýyl talyby Jennet Mekanowa hem edil şeýle ýokary bahalara mynasyp bolýar. Iki aýdymçynyň haýsysynyň ýeňjekdigi hakdaky sowal bäsleşige gatnaşýanlary we aýdym muşdaklaryny tolgundyrýar.
Bu sowaly ikinji tapgyr çözdi. Zalda oturan tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda Leýli Mämmedowa iň gowy aýdymçy diýlip yglan edilýär. Jennet Mekanowa – ikinji, üçünji ýylyň talyby Bahram Huseýnow – üçünji ýeri eýeleýär.
― Ýeňijileriň üçüsi hem bir mugallymyň, ýagny, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň şägirtleri – diýip, estrada sungaty kafedrasynyň müdiri Maýsa Mämmetjumaýewa olaryň üstünligini düşündirdi. ― Elbetde, Leýli zehini boýunça has tapawutlanýar. Ol şu ýyl okuwyny tamamlaýar. Leýliniň konserwatoriýada mugallym bolup işe galmagyna garaşýaryn.
Ýeňiji hakda kelam agyz söz. Leýli döredijilik maşgalasynda önüp-ösüpdir. Onuň atasy – meşhur opera aýdymçysy, tenor Nowruz Mämmedow. Ýaş aýdymçy ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynda skripka çalmagy öwrendi. Eýýäm, mekdep-internatda okaýarka Leýliniň labyzly sesi mugallymlaryň ünsüni çekýär. Mekdebi gutaransoň Leýli aýdymyň inçe tilsimlerini kämil ele almak üçin konserwatoriýada okuwyny dowam etdi.
Leýli özi, maşgalasy hakda şeýle gürrüň berýär:
– Meniň kiçi uýam Nurana fleýta çalmagy öwrenýär. Käte-käte menem elime skripkamy alýaryn, onsaň ikimiz bilelikde saz çalýarys. Skripkanyň owazy meni ruhlandyrýar, şonuň üçin hem men bu özboluşly saz guralynyň köp öwüşginli owazyna sesimi sazlaşdyrmaga çalyşýaryn.