Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplaryň 126-sy Açyk halkara internet olimpiadasynda öňdäki orunlary eýeledi

10:0305.05.2021
0
9868
Türkmenistanly talyplaryň 126-sy Açyk halkara internet olimpiadasynda öňdäki orunlary eýeledi

31 ýeňiji we 95 baýrakçy – bular Türkmenistanyň wekilleriniň Powolžýäniň Döwlet tehnologik uniwersiteti (Ýoşkar-Ola şäheri, Mariý El Respublikasy, Russiýa Federasiýasy) tarapyndan guralan Açyk halkara talyplar internet-olimpiadasynyň iki tapgyryna gatnaşmaklarynyň netijesidir. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Olimpiada Russiýanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Belarusyň we Sloweniýanyň 205 sany ýokary okuw mekdebinden 3 müňden gowrak talyp gatnaşdy.

Talyp biliminiň gözden geçirilişi fizika, himiýa, informatika, maddalaryň garşylygy, statistika, nazary mehanika, ykdysadyýet, ekologiýa dersleri boýunça amala aşyryldy. Matematika boýunça ýaryş üç tapgyrda göz öşünde tutulyp, onuň jemleýji tapgyry 12 ― 13-nji maýda geçiriler.

Informatika boýunça altyn medallaryň 9 sanysyny Halkara nebit-gaz uniwersitetiniň talyplary Azamat Täjiýew, Ysmaýyl Orazgeldiýew, Myrat Seýitgulyýew, Bekmyrat Ataýew, Baýramgeldi Şageldiýew, Muhammet Begenjow, Täçmyrat Saparmyradow, Yhlas Kerimow, Nurahmet Kakageldiýew dagy gazandy. Şu ders boýunça ýene iki sany altyn medala ýurdumyzyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Merdan Bagtyýarow we Şöhle Abdyýewa mynasyp boldy.

Türkmen Oba hojalyk institutynyň (Daşoguz şäheri) talyplary nazary mehanika we maddalaryň garşylygy boýunça örän ýokary bilime eýediklerini görkezdiler. Bu ders boýunça 6 altyn medala Aýzüleýha Abdyrahmanowa, Ýakup Annagurbanow, Muhammet Jumaýew, Jennet Bäşimowa, Begenç Daňatarow, Kakageldi Agajanow dagylar mynasyp boldy. Bilimiň bu pudagy boýunça bir altyn medaly Kuwwat Hemdemow gazandy (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti).

Ykdysadyýet boýunça 3 altyn medal Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ygtyýaryna geçdi. Olara mynasyp bolanlar: Bibihajar Kulyýewa, Medine Jumanazarowa we Gyzylgül Ilbaýewa.

Ekologiýa pudagynda Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Şatlyk Tekäýew, Saparmuhammet Annageldiýew, Merjen Garajaýewa, şeýle hem Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Laçyn Durdylyýewa dagy iň gowy netije görkezdi.

Himiýa boýunça iň ýokary sylagy Akmuhammet Allamyradow, Muhammetberdi Garaýew, Ogulbagt Muhammetberdiýewa (Magtymguly adyndaky TDU), Şirin Kelowa (Döwlet energetika instituty) we Sona Berenowa (Halkara nebit we gaz uniwersiteti) gazandy. Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Merdangeldi Abdyjepbarow fizikany örän oňat bilýändigini görkezdi.

Ýurdumyzyň atlary agzalan ýokary okuw jaýlarynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Halkara Ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmen döwlet binagärçilik we gurluşyk institutynyň talyplary 40 kümüş, 55 bürünç medala eýe boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň