ÝUNESKO-nyň Sekretariýaty Aşgabat şäherini esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenýän döwründe «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESKO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizmek babatda paýtagtymyzyň dalaşgärligi resmi taýdan kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Pariždäki diplomatik wekilhanasynda habar berildi.
Dalaşgärlik ýüztutmasy garaşsyz hünärmenler tarapyndan ýakyn birnäçe aýyň içinde gözden geçiriler we bu mesele boýunça gutarnykly karar 31-nji oktýabrda bellenilýän Bütindünýä şäherler gününiň öňüsyrasynda ÝUNESKO-nyň Baş müdiri tarapyndan yglan ediler.
ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleri tory, medeniýete we jemgyýetiň goşulyşmagyna maýa goýmak isleýän şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen 2004-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda 246 şäheri öz içine alýar.
Tor öz işini ýedi ugur boýunça ösdürýär: «Hünär we halk döredijiligi», «Dizaýn», «Film», «Gastronomiýa», «Edebiýat», «Mediýa sungaty» we «Saz».