Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Eýranyň demirýolçulary hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar

16:1004.05.2021
0
8997

Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýol edaralarynyň wekilleri sişenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirdiler. Gepleşigiň dowamynda “Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman” (Aşgabat şertnamasy) geçelgesinde synag otlusynyň gatnawyny utgaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

"Özbegistan Demirýollary" paýdarlar jemgyýetiniň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, onlaýn maslahat öňki üçtaraplaýyn gepleşiklerde gazanylan şertnamalara laýyklykda geçirildi.

Resmiler esasanam Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demirýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň 2020-nji ýylyň 21-nji maýynda geçirilen mejlisiniň teswirnamasynyň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdiler.

Ýurtlaryň arasynda ýük daşamagyň mukdaryny artdyrmak maksady bilen, taraplar ýüklenen wagonlaryň gatnawyny çaltlaşdyrmak we “Özbegistan Demirýollary” paýdarlar jemgyýetine degişli bolan boş wagonlaryň Eýrandan Özbegistana yzyna gaýdyp gelmegi barada ylalaşdylar.

Günüň dowamynda Özbegistanyň demirýol administrasiýasy Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýol guramalary bilen aýratyn ikitaraplaýyn onlaýn gepleşikler geçirdi.

Çeşme: "Biznes-Türkmenistan".

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň