Arhiw

Aşgabadyň mekdep okuwçylarynyň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçirildi

10:0929.04.2021
0
6125
Aşgabadyň mekdep okuwçylarynyň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçirildi

Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdepde paýtagtyň ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkei Geňeşi tarapyndan Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli yglan edildi.

Täsirli işleriň onlarçasyny özünde jemlän bäsleşikde birinji orna paýtagtdaky 72-nji orta mekdebiň okuwçylary Omarbek we Gözel Ysmaýylowlar mynasyp boldy. Olar «Akylly öý» tehnologiýasyny hödürlediler.

Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky mekdep-internatynyň okuwçysy Muhammetaly Aşyrmuhammedow bilen 21-nji mekdebiň okuwçysy Aleksandr Şerbakowyň bilelikdäki işi 74-nji mekdepden Muhammetmyrat Daşgynow bäsleşigiň ikinji ornuna mynasyp boldular.

Paýtagtymyzdaky 55-nji, 90-njy, 21-nji mekdeplerden we Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky mekdep internatyndan Ýusup Aşyrow, Jennet Ataýewa, Myrat Baýarow we Mekan Meretnazarow dagylar bolsa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň