Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň 2021-nji ýyldaky ilkinji sany çapdan çykdy

16:2228.04.2021
0
4388

Daşary işler ministrliginiň çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň şu ýyldaky birinji sany çapdan çykdy. Neşiriň sahypalarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara syýasy işjeňligine aýratyn orun berilýär.

Žurnalyň şu sany aýry-aýry döwletler, hususan-da, goňşy we dostlukly ýurtlar — Türkiýe, Owganystan, Azerbaýjan, Özbegistan hem-de abraýly halkara guramalar we sebit düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary barada gürrüň berýän syn bilen açylýar.

4-nji martda döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) XIV sammitine gatnaşdy. 2021-nji ýylda Türkmenistan bu guramada başlyklyk edýär. Gurama gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleri hem-de YHG-nyň Baş sekretary Hadi Soleýmanpur Türkmenistanyň bu düzümde başlyklyk etmeginiň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna hem-de özara bähbitli döwletara gatnaşyklary ösdürmäge, täze taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Şol aýyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça bu geňeşiň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Milli Liderimiz guramanyň forumlarynda eden çykyşlarynda ýurdumyzyň giň netijeli gatnaşyklara hem-de umumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny yzygiderli nygtaýar.

Žurnalyň redaksiýasy “Sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň orny” atly özboluşly “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşligi gurap, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryna, daşary ýurtlaryň wekillerine milli Liderimiziň oňyn we täzeçil syýasatynyň hem-de halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň ähmiýeti babatda öz garaýyşlary barada gürrüň bermegi teklip etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp sanly netijeli teklipleri, şol sanda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek barada öňe süren hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen Kararnamada berkidilen başlangyjy ýurdumyzyň tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de rowaçlygy üpjün etmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşandydyr.

Özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesine daýanmak bilen, häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Şol hyzmatdaşlyk milli Liderimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy munuň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hanym Kristina Weýgand bu täze bäşýyllyk maksatnamanyň wajypdygy hem-de onda beýan edilen ileri tutulýan wezipeleri amala aşyrmagyň möhümdigi barada öz pikirini aýtdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň energetika ministri Parwiz Şahmazow şu ýylyň ýanwarynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanmagy diýip atlandyrdy.

Möhüm bilelikdäki taslamalar, ilkinji nobatda bolsa, strategik ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky taslamalar däp bolan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge taraplaryň uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesi şol taslamalaryň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Bu geçelgeden netijeli peýdalanylmagy döwletara söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam eder.

Owganystan Yslam Respublikasynyň demir ýol edarasynyň ýolbaşçysy Mohammad Ýamma Şams hem Lazurit geçelgesiniň wajypdygyny nygtady. Türkmenistanyň demir ýol ulgamy bilen baglanyşdyran Akina — Andhoý demir ýol şahasy bu geçelgäniň esasy ulgamlarynyň birine öwrülmelidir. Ol şu ýylyň 14-nji ýanwarynda iki ýurduň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Mohammad Aşraf Ganiniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Beýleki möhüm taslamalar — Kerki (Türkmenistan) — Şybyrgan (Owganystan) ugry boýunça uzynlygy 153 kilometre barabar bolan elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de üstaşyr gatnawlar ulgamynyň işe girizilmegi hem goňşy döwletleriň we olaryň doganlyk halklarynyň däp bolan dostlukly hem-de netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine Türkmenistanyň işjeň goldawyna we kömegine ýokary baha berýändigini tassyklady.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi. Şol gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Diplomat geçirilen hem-de şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Žurnal milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy doktrinasynyň ileri tutulýan möhüm ugurlary barada gürrüň bermek bilen, halkara bileleşigiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň öňünde durýan belent maksatlara hem-de möhüm wezipelere oňat düşünmegine ýardam edýär.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň, hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň, ekologiýa hem-de energetika diplomatiýasy bilen baglanyşykly meseleleriň žurnalyň şu sanynyň möhüm mowzuklarynyň hatarynda bolmagy tötänden däldir. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri tarapyndan taýýarlanylan makalalaryň käbiri hut şu meselelere bagyşlanýar.

Neşiriň şu sanynda ýerleşdirilen makalalar toplumy 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibinde beýan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dürli halkara günleri we seneleri baýram etmegiň ähmiýetine bagyşlanan makala bilen jemlenýär. Şol seneler umumydünýä gymmatlyklarynyň ähmiýetini şöhlelendirýär.

“Diplomatik durmuşyň syny” diýen däp bolan bölümdäki ýerleşdirilen habarlar hem-de maglumatlar giň halkara okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döreder. Onda sene yzygiderliliginde ikitaraplaýyn gepleşikler, geňeşmelerdir maglumat brifingleri, halkara onlaýn forumlar we ylmy-amaly maslahatlar, şeýle hem şu ýylyň birinji çärýeginde Daşary işler ministrligi tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekiliýetleri we abraýly guramalaryň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar beýan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň