Soňky habarlar

Arhiw

Instagramda täze bir aýratynlyk elýeterli bolar

18:2722.04.2021
0
960

Instagramda ulanyjylara kemsidiji ýazgylary gizlemäge mümkinçilik berýän täze bir aýratynlyk (funksiýa) elýeterli bolar. Täze aýratynlyk isleg boýunça işjeňleşdirilip bilner. Bu barada «lenta.ru» web sahypasy habar berýär.

Kompaniýanyň metbugat kätibi, täze aýratynlygyň (funksiýanyň) algoritminiň ulanyjylara kemsidiji sözleri we sözlemleri öz içine alýan ýazgylary awtomatik usulda gizlemäge mümkinçilik berýändigini düşündirdi.

Çäklendirmeler gizlinlik sazlamalarynda täze ýörite bölüm arkaly işjeňleşdirilip ýa-da ýapylyp bilner. Kompaniýa bu aýratynlygyň (funksiýanyň) eýýäm birnäçe ýurtda ornaşdyrylandygyny, ýakyn aýlarda bolsa ähli döwletlerde elýeterli boljakdygyny dile getirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň