Berdimuhamedow "Türkmenistanyň halk atşynasy" diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi

23:5321.04.2021
0
3379

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda,

«Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň atbakary Şiraly Rahymowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atçylyk bölüminiň müdiri Halmyrat Begmyradowiç Babaýewe;

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň seýis tälimçisi Suwhandurdy Amandurdyýewiç Kuljanowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atçylyk bölüminiň seýsi Derýamyrat Gurbanmyradowiç Saparowa.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň