Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň topary öňdebaryjy tehnologiýalaryň Bütindünýä bäsleşiginiň finalçysy boldy

12:2821.04.2021
0
7786

Geçen ýylyň noýabarynda yglan edilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň Bütindünýä bäsleşiginiň (Global Disruptive Tech Challenge 2021) aprel aýynda netijesi jemlendi. Bu bäsleşigiň maksady Aralýaka zolagyň topragynyň zaýalanmagynyň we çölleşmeginiň öňüni almak üçin täze ideýalary saýlap almakdan ybarat.

Bäsleşigi Bütindünýä banky Ýewropa Bileleşiginiň, Şweýsariýanyň we Birleşen Soltanlyklaryň maliýeleşdirýän Merkezi Aziýa boýunça Suw-energetika meýilnamasynyň (CAWEP) köpugurly gaznasynyň goldamagynda gurady.

Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Liliýa Burunçuk şeýle diýýär: «Biz dünýäniň oýlap tapyjy adamlarynyň ünsüni Aral deňziniň meselesini çözmäge gönükdirip, sebitdäki topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmegiň täze çözgütlerini tapmaga çalyşdyk»

Öňdebaryjy tehnologiýalaryň Bütindünýä bäsleşigi dünýä jemgyýetçiligini Araly halas etmek meselesine çekdi we döredijilik adamlaryny ony çözmek ugrunda ideýalaryny hödürlemäge höweslendirdi. Oňa ähli ýurtlardan jemi 160 toparyň gatnaşmagy birmahalky ýer ýüzünde dördünji orunda duran kölüň guramagynyň global häsiýete eýedigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Onlarça ýurtlardan bäsleşige 159 teklip iberildi. Olaryň uly bölegi Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şol sanda Aral kölüne golaý ýerleşýän Türkmenistandan gelip gowuşdy. Bütindünýä bankynyň bilermenleriniň 42-si hödürlenen ähli taslamalardan 24-ni jemleýji tapgyr üçin saýlap aldy. Tejribeli hünärmenlerden düzülen emin agzalary olary: oba hojalygy we ýer serişdelerini dolandyrmak; ýaşyl zolagy döretmek; durmuş-ykdysady ösüş; maglumatlar we bilim boýunça dört topara böldi.

Türkmenistanyň: Maral Annanurowadan, Akmyrat Atamyradowdan, Dildar Babajanowadan we Nurýagdy Halmedowdan ybarat toparynyň hödürlän bu zolakda bagçylygy ösdürmek baradaky taslamasy jemleýji tapgyra gatnaşdy.

Landşaftlaryň Global Forumy (GLF), Gazagystan-Nemes uniwersiteti (DKU) we Plug and Play (P&P) innowasiýa kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Bütindünýä bankynyň guran wideo görnüşdäki dabarasynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň Bütindünýä bäsleşiginiň dört ýeňijisi kesgitlendi. Ine, olaryň sanawy:

· Oba hojalygy we ýer serişdelerini dolandyrmak: NETICS B.V. (NIderlandiýa) tarapyndan düzülen ýerli topraklary we galyndylary ulanmagyň esasynda şorlaşan gurak ýerleri dikeltmek usuly. Kompaniýa tarapyndan patentleşdirilen GEOWALL® tehnologiýasy Aral deňziniň şorlan zolagyndan zäherlenen topragyň ýeliň öwüsýän ugruna ýaýramagynyň öňüni almaga niýetlenipdir.

· Ýaşyl zolagy döretmek- durnukly tokaýlaşdyrmak: Özbegistandan Natalýa Akinşinanyň we Azamat Azizowyň «Аralyň baglary» atly taslamasy ýeňiji boldy, ol balarylaryny köpeltmek üçin gülleýän baglary ösdürmegi öňe sürýär. Bu taslama täze iş orunlaryny döretmegi we baglar ýetişensoň ýerli ilatyň girdejisiniň artmagyny üpjün eder.

· Durmuş-ykdysady ösüş babatda: Täjigistandan: Haýriniso Rasulowa, Muýassaro Bobohonowa, Şohida Tuliýewa we Farzona Mahmudowa dagylaryň teklip eden Zenanlar suw forumynyň başlangyjy üstün çykdy, ol suw hem-de ýer serişdelerini dolandyrmaga oba aýal-gyzlaryň gatnaşmagynyň güýçlendirilmegine esaslanýar.

· Maglumatlar we bilim: Ekologiki we energetiki inženerçilik işleri boýunça kartECO- Maslahatyň (Gresiýa) öri meýdanlaryny peýdaly dolandyrmak üçin Sentinels goşundysy – bu onlaýn-ulgam çemenzarlyklary gorap saklamaga we Merkezi Aziýada öri meýdanlaryň zaýalanmagynyň garşysyna göreşmäge gönükdirilýär.

Aral deňzini dikeltmäge goşantlary üçin bäsleşigiň ýeňijileri ABŞ-nyň 5000 dollary möçberinde pul baýraklaryny we halypaçylyk meýilnamasyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Ikinji orna mynasyp bolan taslama ABŞ-nyň 1000 dollary möçberinde pul baýragy berildi.

Türkmenistan Aral deňzini halas etmäge milli we halkara derejede ileri tutulýan ekologiki mesele hökmünde seredýär. Aral boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli maksatnamasyny kabul etmeklige taýynlanýar.

Halkara derejesinde Türkmenistan ençeme gezek dünýä jemgyýetçiligini Aral deňziniň wajyp meselelerine üns bermäge çagyrdy. Şunlukda, Aralyň guramagynyň netijesinde ekologiýa taýdan betbagtçylykly zolakda döreýän howa akymlarynyň howpuny aýratyn nygtalyp bellendi. Çünki şeýle howa akymlary, tüweleýler bu sebitde ýaşaýan ilatyň saglygyna, howasyna we tebigatyna ýaramaz täsir edýär.

Meseläniň çözgüdiniň dünýä jemgyýetçiliginiň uly tagallasyny talap edýänligi sebäpli Тürkmenistan BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek ideýasyny birsyhly öňe sürüp gelýär.

2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde we 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda kabul edilen Baş Assambleýanyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Halkara Araly halas etmek gaznasynyň hyzmatdaşlygy hakyndaky» rezolýusiýasyna esaslanyp, ýurdumyz BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň 2021-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek nobatdaky maslahatynyň çäklerinde gelejekki Ýörite maksatnamanyň esasy ugurlarynyň we gurluşynyň deslapky taslamasyna seretmegi teklip eder

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň