Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Daýhanbank» «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär

23:5019.04.2021
0
23104

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär. Bu barada «Mugallymlar gazeti» gazetinde habar berildi.

«Talyp karzy» ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara diňe degişli okuwyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär.

Karzyň möçberi: 42 000 manada çenli;

Göterim derejesi: ýyllyk 8 göterim;

Möhleti: 3 ýyl;

Karzyň üpjünçiligi hökmünde 10 000 manada çenli iki sany raýatyň zamunlygy, 10 000 manatdan ýokary möçbere bolsa girew goýmaklyk talap edilýär.

«Talyp karzyndan» peýdalanmak üçin, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bolar.

Habarlaşmak üçin:

Aşgabat şäheri — 38-03-79; 38-02-86; 24-44-55; 24-52-85;

Ahal welaýat şahamçasy — (8-00-137) 3-34-39;

Balkan welaýat şahamçasy — (8-00-246) 5-21-51;

Da­şoguz welaýat şahamçasy — (8-00-322) 9-35-07;

Lebap welaýat şahamçasy — (8-00-422) 9-13-48;

Mary welaýat şahamçasy — (8-00-522) 6-76-40.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň